Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul: “Talybana” garşy operasiýalar başlady


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri “Talyban” söweşijilerine garşy ýurduň günortasynda giň göwrümli hüjümleri başlatdy. Bu çäre “Talyban” hereketiniň ýazky hüjümlerinden öň alnyp barylýar.

Owganystanyň Goramak ministrligi “Zolfikar” diýlip atlandyrylýan operasiýanyň 16-njy fewralda Helmand welaýatynda başlandygyny habar berdi. Bu welaýat “Talyban” pitneçileriniň ýygy ýerleşen ýeri hasaplanylýar.

Şeýle-de, maglumatda Gandahar, Farah we Oruzgan welaýatlarynyň käbir etraplarynda hem operasiýalaryň geçiriljekdigi nygtalýar.

Bu operasiýa ýolbaşçylyk edýän general Abdul Halik: “ Bu dolulygyna owganlar tarapyndan planlaşdyrylan we owganlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän operasiýadyr. Bu operasiýalar üstünlik gazanylýança dowam eder” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG