Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Saglyk işgärleri öli tapyldy


Pakistanda poliomielite garşy waksina sanjymlaryny edýän toparyň dört agzasy ýurduň günorta-günbatarynda alnyp gaçylandan soň, öli tapyldy.

Pakistanyň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, saglyk işgäriniň hem-de onuň sürüjisiniň we iki janpenasynyň jesetleri 17-nji fewralda Balujystan welaýatynda tapylypdyr.

Maglumatlarda olaryň 13-nji fewralda Zob etrabynda “Talyban” söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylandygy aýdylýar. Pakistanda söweşijiler poliomielite garşy waksina sanjymlaryny edýän saglyk işgärlerini ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.

Bu hüjümler Pakistanda poliomielit keseli bilen kesellän adamlaryň sanynyň artmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG