Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel, Olland Parižde duşuşýar


Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland (çepde) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.
Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland (çepde) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri gündogar Ukrainadaky ýagdaýlary maslahat edýärler. Bu duşuşyk Ukrainanyň gündogarynda ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasyndaky çaknyşyklaryň soňuna ýetmäge gönükdirilen ok atyşygy bes etmek baradaky yrga ylalaşyk baglanyşylan wagty bolup geçýär.

Geçen hepde Minskde gürrüňi gidýän ylalaşygyň baglaşylmagyna araçylyk eden Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we fransuz prezident Fransua Olland 20-nji fewralda Parižde duşuşýarlar.

Bu aralykda, Ukrainanyň harbysy separatistleriň Donetsk regionyndaky ukrain pozisiýalaryna, şol sanda Kurahowe obasyna we hökümetiň kontrollugyndaky Mariupolyň golaýynda ýerleşýän Berdýanska şäherine gijäň ýary hüjüm edendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde separatistler hem ukrain güýçleriniň artilleriýa hüjümlerini amala aşyrandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG