Britaniýanyň parlament komiteti Ýewropa Bileleşigini we Britaniýany Ukrainadaky krizise “göz ýummakda” aýyplaýar.
Britan parlamentiniň Lordlar öýüniň Ýewropa Bileleşigi boýunça komitetiniň 20-nji fewralda ýaýradan raportynda, gürrüňi gidýän komitet Britaniýany bu ýagdaýyň çözülmegi bilen baglanyşykly ýeterlik derejede “dogumlylyk görkezmezlikde” aýyplady.
Şeýle-de, bu raportda Ýewropa Bileleşigi bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak wagtdan bäri “has optimistikdigi”, sebäbi bu ýurt has demokratik bolmak ýodasyna düşen diýip hasaplanandygy bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde raportda 1994-nji ýyldaky Budapeşt memorandumyna gol goýan dört ýurduň biri hökmünde Britaniýanyň Ukraina aýratyn jogapkärdigi nygtalýar. Gürrüňi gidýän bu memorandumda Ukrainanyň territorial bütewiligi kepillendirilýär.