Gazak we awstraliýa metbugaty gazak professorynyň Awstraliýada öz aýalyny öldürmekde aýyplanandygyny ýazýar.
53 ýaşyndaky Serik Elibaý 16-njy fewralda, polisiýa onuň Adelaýde şäheriniň ýanyndaky öýüne gelip, aýalynyň, 55 ýaşyndaky Aýnur Ismagüliň jesedini tapanyndan soň tussag edildi.
Ismagül tanymal gazak žurnalisti Žumagali Ismagulowyň gyzydy. Elibaý 18-nji fewralda adam öldürmekde aýyplandy.
Awstraliýanyň mediasy Elibaýy we onuň aýalyny Adelaýdede ýerleşýän ylmy-barlag işlerine gatnaşan tanymal alymlar hökmünde häsiýetlendirýär.
Olar 2006-njy ýylda Awstraliýada ornaşmazlaryndan öň Ukrainada, Kanadada, Germaniýada we Wengriýada oba hojalyk ekinleri barada ylmy iş geçiripdirler.