Müň çemesi musulman 21-nji fewralda Oslodaky sinagogyň daşyna ýygnanyp, el-ele berip, şäheriň ýewreý jemgyýetçiligine simwoliki gorag teklip etdi we geçen hepde goňşy Daniýada sinagoga edilen hüjümi ýazgardy.
Norwegiýaly ýaş musulmanlar topary tarapyndan gurnalan çäre «parahatçylyk halkasy» diýlip atlandyryldy we olar «Anti-semitizm ýok, yslamofobiýa ýok» diýip gygyrdylar.
Protesti gurnaýjylaryň biri Zeýeshan Abdullah märäkä ýüzlenip, "adamzat bir jan-ten, biz şony görkezmek üçin şu ýere geldik» diýdi.
Bu çäre Omar Abdel Hamid ýel-Husseýin, palestin emigrantlarynyň Daniýada doglan ogly Kopenhagendäki söz azatlygy forumy mahalynda iki adamy öldüreninden soň gurnaldy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!