Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen lideri agdarylyşygy ýazgarýar


Geçen aý prezidentlikden çekilen we ýurduň günortasyna gaçan ýemen lideri halkara jemgyýetçiligini Houti pitneçileriniň döwlet agdarylyşygyny ykrar etmezlige çagyrdy.

Abded Rabbo Mansur Hadi şaýy pitneçileri geçen sentýabrda paýtagta zabt edeli bäri bolan ähli zatlaryň bikanundygyny aýtdy.

Hadi «respublikanyň prezidenti» hökmünde gol çeken beýanatynda günortadaky port şäher Adende ýa Taizde milli dialoga çagyrýar.

Bu ýerleriň ikisem houtiler diýip tanalýan şaýy pitneçileriniň kontrollugynda ýerleşýär.

Şeýle-de Hadi harbylaryň we howpsuzlyk güýçleriniň özüni goldamagyna çagyrdy.

XS
SM
MD
LG