Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Günbataryň resmilerini tankytlady


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa Ukrainadaky hereketlerini üýtgetmese, Russiýa garşy has köp sanksiýalaryň güýje giriziljekdigi baradaky haýbatlar dogrusynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerrini we Günbataryň beýleki resmilerini tankyt etdi.

Lawrow özüniň 26-njy fewralda eden çykyşynda, goşmaça sanksiýalar ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý edilmeginiň zerurlygy we gündogar Ukrainada parahatçylygy gazanmak ugrundaky ädimler baradaky meselelerden ünsi başga tarapa çekmegi aňladýar diýdi.

Lawrow bu çykyşy, 25-nji fewralda Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň kanunçykaryjylaryna “Russiýa we orsýetçi separatist güýçleri ylalaşykdaky öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge golaýlamadylar” diýmeginiň yzýanyna gabat geldi. Gürrüňi gidýän ylalaşykda Ukrainada aprel aýyndan bäri 5 600-dan gowrak adamyň ölümine sebäp bolan urşuň soňuna ýetmek maksat edinilýär.

XS
SM
MD
LG