Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Ukraina çatrykda dur


ÝHHG-nyň resmisi, orsýetçi separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky ýaraşagyň saklanmagynyň hujuwlandyryjy alamatlaryna garamazdan, gündogar Ukrainadaky konfliktiň mundan aňryk hem güýçlendirilmegine garşy duýduryş berdi.

ÝHHG-nyň ýörite wekili Heidi Tagliavini 27-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, Ukrainadky uruş we parahatçylyk meselesinde biz çatrykda duran ýaly görünýäris diýdi.

Ol söweşleriň kiparlandygyny, ýesirleriň goýberilendigini, agyr ýaraglary yza çekmegiň başlanandygyny aýtdy. Emma ol ýagdaýyň zorlukly bolup galýandygyny hem sözüne goşdy.

ÝHHG-nyň gözegçilik missiýasynyň başlygy Ertugrul Apakan Donetsk aeroportunyň töwereginde, günorta-gündogar port Mariupolda atyşyklaryň bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG