Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň saýtynyň petigi aýryldy


Orsýetiň Roskomnadzor döwlet gullugy oppozisiýa şahsyýeti we korrupsiýa garşy blogçy Alekseý Nawalnynyň saýtynyň petiginiň aýrylandygyny aýdýar.

Roskomnadzor 28-nji fewralda Nawalnynyň saýtynyň petigini aýyrmak baradaky karara bu saýtda ygtyýar berilmedik ýygnanyşyklara gatnaşmaga çagyrýan tekstler aýrylandan soň gelnendigini aýtdy.

Roskomnadzor bu saýty ýanwaryň başynda, Nawalnyý adamlary aý aýagynda boljak ygtyýar berilmedik ýygnanyşygya gatnaşmaga çagyranyndan soň petikläpdi.

Nawalnynyň aklawçysy öz müşderisiniň öldürilen oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň jaýlanmagyna gatnaşmak üçin bir günlük öý tussaglygyndan boşadylmagy barada suda ýüz tutjagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG