Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemsowyň hatyrasyna ýöriş geçirilýär


Oppozisiýa goldawçylary öldürilen Kreml tankytçysy Boris Nemsowyň hormatyna 1-nji martda Moskwada ýöriş geçirýärler.

Günbatar habar gulluklary ýörişe 10 müňden gowrak adamyň gatnaşýandygyny aýdýar, guramaçylar ýörişe 70 müň çemesi adamyň gatnaşýandygyny aýdýarlar, rus polisiýasy bu sany 7 müň diýip görkezýär.

TASS-yň maglumatyna görä, Sankt Peterburgda hem 6 müň çemesi adam Nemsowyň hatyrasyna ýörişe çykdy.

28-nji fewralda müňlerçe adam oppozisiýa lideri we ozalky wise-premýer Boris Nemsowyň Kremliň golaýyndaky köprüde 27-nji fewral gijesi atylyp öldürilen ýerinde gül çemenlerini goýdy we şem ýakdy. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu ganhorlugy «prowakasiýa» hökmünde häsiýetlendirdi we Nemsowyň ejesine ganhorlaryň tapyljagyny hem-de jezalandyryljagyny aýtdy.

Emma Kremliň tankytçylary bu işde ahyrynda rus hökümetiniň jogapkärdigini öňe sürýärler.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Sakaşwili Putiniň ýoluny kesen adamlaryň nähilidir bir geň ýagdaýda şeýle hala düşýändigini aýtdy.

Nemsow Putiniň syýasatyna garşy 1-nji marta bellenen protest ýygnanyşygyndan iki gün öň öldürildi.

XS
SM
MD
LG