Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ankara bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýä bardy.

3-nji martda Ankaradaky prezident köşgünde türkmen prezidenti Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy.

Prezident Berdimuhamedowyň bu saparynyň gün tertibi barada resmi taýdan maglumat berilmeýär. Emma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji fewralda geçirilen mejlisinde ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-türk gepleşikleriniň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Türkmen prezidentiniň Türkiýä edýän bu saparynyň näçe gün dowam etjekdigi barada takyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG