Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan parlament saýlawlaryny geçirýär


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif

Pakistanyň kanunçykaryjylary täze senatorlary saýlaýarlar. Bu ses berişlik premýer-ministr Nawaz Şarifiň kanunlary kabul etmek ygtyýaryny artdyryp biler.

Federal parlamentiň aşaky öýüniň we dört regional geňeşiniň agzalary parlamentiň 48 orunlyk ýokarky öýüne 132 dalaşgärden deputat saýlaýarlar.

Netijeleriň 5-nji martda agşam yglan edilmegine garaşylýar.

Esasy oppozision partiýa “Pakistanyň Halk partiýasy” häzirki wagtda senatda köplügi emele getirýär.

Emma 5-nji martda geçirilýän saýlawlaryň netijesinde Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň parlamentiň aşaky öýünde köplügi emele getirýän “Musulman ligasynyň” agzalarynyň senatda hem köplük boljagy çak edilýär.

2013-nji ýylda premýer-ministr wezipesine geçen Nawaz Şarif “Talybanyň” hüjümleri, ykdysady kynçylyklar we energiýa ýetmezçiligi ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG