Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň çykyşy saýlaw planlaryny nätakyk galdyrýar


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew belki “ssenariýni üýtgetmegiň wagty gelendir” diýip, 26-njy aprelde wagtyndan öň geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edip-etmejegini nätakyklygyna galdyrýar.

Nazarbaýew bu barada tanymal gazak zenany bilen Astanada geçiren duşuşygynda belläp geçdi. Ol ýurtda wagtyndan öň geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edip-etmejegi barada heniz takyk bir netijä gelmändigini sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, gazak prezidentiniň häkimiýetdäki “Nur Otan” partiýasynyň öňümizdäki saýlawlarda Nazarbaýewiň kandidaturasyny teklip etmegine garaşylýar. Gazagystanda öňümizdäki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilmelidi, emma “Gazagystanyň Halk bileleşigi” saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini teklip etdi.

74 ýaşly Nazarbaýew gazak zenany bilen söhbetdeşlikde: “Men Gazagystan garaşsyzlygyny alany bäri, ýagny iň başyndan bäri ýurda ýolbaşçylyk edýärin. Teatrda aýdyşlary ýaly, belkem ssenariýni üýtgetmegiň wagty gelendir” diýdi.

XS
SM
MD
LG