Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain modeline haýbat atylýar


Rus oppozision syýasatçysynyň öldürilmegine şaýat bolan esasy zenan özüne haýbatlaryň atylýandygyny aýdansoň, Ukrain resmileri jenaýat derňewleriniň başladylandygyny habar berýärler.

23 ýaşly ukrain modeli Anna Duritska Nemtsow 27-nji fewralda Moskwada öldürilen mahaly, onuň bilen bilelikdedi.

Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň 6-njy fewralda beren maglumatyna görä, Duritska Kiýewiň polisiýasyna beren maglumatynda şahsyýeti nämälim adamlar tarapyndan özüne haýbat atylýandygyny aýdypdyr.

Maglumatda baş prokuror Wiktor Şokin Duritskanyň “saglygyny we janyny goramak üçin möhüm bolan ähli çäreleriň görülmegini” tabşyrdy diýilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG