Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri açlyk yglan etjek diýýär


Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň topary Türkmenistanyň ýaragly güýçleri dawaly territoriýany almagy dowam etdirse, onda özleriniň açlyk yglan etjekdigi barada haýbat atdylar. Bu sebitdäki etniki türkmenler gürrüňi gidýän territoriýanyň özlerine degişlidigini öňe sürýärler.

Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary Amyderýada emele gelen “adadaky öz territoriýalaryny türkmen güýçleriniň basyp alýandygyny” aýdýarlar. Amyderýa Owganystanyň we günorta-gündogar Türkmenistanyň arasyndaky serhediň bir bölegi diýip hasaplanylýar.

Oba ýaşaýjylary Amyderýanyň öz akymyny üýtgedendigini we onuň özlerine degişli owgan territoriýalaryna aralaşandygyny aýdýarlar.

Etniki türkmenler ýakynda Türkmenistanyň gürrüňi gidýän ada öz harby güýçlerini ýerleşdirendigini we oba ýaşaýjylarynyň ada girmeginiň öňüni almak üçin simleri dikip başlandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG