Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsow işi: Şübheli görkezmelerinden boýun gaçyrýar


Orsýetli oppozision syýasatçy Boris Nemtsowy öldürmekde güman edilýän esasy şübheliniň öz görkezmelerinden boýun gaçyrýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler gürrüňi gidýän şübheliniň gynamalara sezewar edilendigini görkezýän alamatlaryň bardygyny adýarlar.

Russiýanyň “Moskowskiý Komsomolets” atly neşiriniň öňki çeçen polisiýa ofiseri Zaur Dadaýewe salgylanyp berýän maglumatyna görä, hukuk goraýjy gulluklar Dadaýewe onuň öňki kärdeşini tussaglykdan boşatmaga wada berensoň, ol Nemtsowy öldürendigini boýun alypdyr. Dadaýewiň öňki kärdeşi onuň bilen tussaglykda saklanylýardy.

Şeýle-de, maglumatda Dadaýew Nemtsowy öldürendigini boýun almasa, özüniň öldürilmeginden alada edendigini belleýär. Nemtsow 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürilipdi.

“Olar eger men [Nemtsowy öldürendigimi] boýun alsam, ony [kärdeşimi] boşatjakdyklaryny aýtdylar. Men ylalaşdym. Men: “onuň janyny halas ederin we olar meni diri Moskwa alyp giderler” diýip, pikir etdim” diýlip, rus neşirinde Dadaýewiň sözleri getirilýär.

XS
SM
MD
LG