Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystan: Ölenleriň sany 12-ä ýetdi


Kazandaky "Admiral" söwda merkezinde halas ediş gullugyň işgärleri gözleg işlerini geçirýärler.
Kazandaky "Admiral" söwda merkezinde halas ediş gullugyň işgärleri gözleg işlerini geçirýärler.

Russiýanyň Kazan şäherindäki söwda merkezinde bolan ýangynda adatdan daşary gullugyň işgärleri ýangynyň galyndylarynda has köp jesetleri tapansoň, wakada ölenleriň sany 12-ä ýetdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň berýän maglumatyna görä, halas ediş gullugyň işgärleri “Admiral” söwda merkezindäki ýangynyň aşagynda galan ýene 20-den gowrak adamy gözleýärler.

11-nji martda Tatarystanyň paýtagtyndaky üç gatly söwda merkezinde bolan ýangynda binanyň belli bir böleginiň ýumrulmagy netijesinde azyndan 55 adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri we halas ediş gullugynyň iki işgäri ýaralandy.

Täjigistanyň Russiýadaky Zähmet we migrasiýa bölüminiň metbugat wekili Ibrohim Ahmadow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, ýangynda pida bolanlaryň azyndan bäş sanysynyň täjik raýatydygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG