Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak žurnalisti adamysy tarapyndan öldürildi diýilýär


Gazagystanyň polisiýasy Almatyda pyçaklanyp öldürilen žurnalisti öldürmekde, onuň adamysyndan şübhelenilýändigini aýdýar.

13-nji martda Almaty şäher polisiýasynyň beren maglumatyna görä, žurnalist Ilona Ekşembeýewanyň 44 ýaşly adamysy Almatydaky öýünde öz aýalyny öldüripdir.

Polisiýa žurnalistiň adamysynyň tussag edilendigini we Almatydaky tussaghana ýerleşdirilendigini aýdyp, waka bilen baglanyşykly derňewleriň dowam edýändigini belledi.

40 ýaşly Ekşembeýewa 12-nji martda öz öýünde öli tapyldy. Ol düýbi Almatyda ýerleşýän “Liter” atly gazetde we Almaty şäher polisiýa departamentiniň metbugat gullugynda işleýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG