Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wusiç 15-nji marty täze doglan bäbegi hassahana alyp gelýärkä ýykylan harby halas ediş dikuçarynyň ekipažynyň hormatyna milli ýas güni diýip yglan etdi.
13-nji mart gijesi Belgrad aeroportunyň golaýynda heläkçilige uçran dikuçaryň üstünde ýedi adam – bäş günlük bäbek, iki doktor we dört sany ekipaž agzasy bardy.
Serbiýanyň Goranmak ministrligi «ýurt iň gowy pilotlaryny ýitirdi» diýdi.
Bu ekipaž we saglyk işgärleri 2014-nji ýylyň agyr sili mahalynda onlarça adamy halas edip, gahrymançylyk görkezipdi.