Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 5-nji martdan bäri ilkinji gezek köpçülikde göründi.
16-njy martda Putin Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Sank Petereburgyň çetindäki Konstantinowsk köşgünde duşuşdy.
Putin öz saglygy we onuň halk köpçüliginden daşlaşan döwüründe nirededigi barada ýaýran gep-gürrüňler dogrusynda: “Myş-myşlar bolmasa, içgysgynç bolardy” diýip, jogap berdi.
Atambaýew Putiniň saglyk ýagdaýynyň “aňrybaş derejede gowudygyny” birnäçe gezek gaýtalady.
Putiniň ençeme günläp köpçülikde görünmezligi, 27-nji fewralda Kremliň golaýynda oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň yzýany, Russiýanyň ýokary gatlagyndaky syýasy we howpsuzlyk gullugynyň arasyndaky bar diýilýän bölünişigiň güýçlenendigi baradaky myş-myşlaryň ýaýran mahalyna gabat geldi.