Türkmenistanda ýaşaýyş jaýyny ýa-da mellek ýerini nobata durup almakda käbir kynçylyklaryň bardygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň käbirleri belleýärler. Özüni Galina Kuliýewna diýip tanyşdyran aşgabatly ýaşaýjy özüniň eýýäm ençeme ýyl bäri jaý nobatyna durandygyny, emma heniz hem jaý alyp bilmeýändigini aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, ol we onuň alty agzadan ybarat maşgalasy göwrümi 37 kwadrat metr bolan jaýda ýaşaýarlar. Ol nobata durup, jaý almak tejribeleri barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.