Pakistan günäli tapylan 12 adamy asyp jezalandyrdy. Bu Pakistanda ölüm jezasyna bolan resmi bolmadyk gadagançylygyň geçen ýylyň dekabr aýynda ýatyrylmagyndan soň bir gününi özünde ýerine ýetirilen ölüm jezasyna degişli iň köp sandyr.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili 17-nji martda ölüme sezewar edilen adamlaryň diňe bir “terrorçylar” bolman, olaryň hatarynda adam öldürenleriň hem beýleki “aýylganç jenaýatçylyklary” edenleriň bolandygyny aýtdy.
Adynyň tutulmazlyk şerti bilen gürrüňdeş bolan türme resmileri sekiz bendiniň Punjab regionynda, ýene ikisiniň Karaçi şäherinde asylyp öldürilendigini aýtdylar.
Premýer-ministr Nawaz Şarif ölüm jezasyna iş ýüzünde bolan maratoriý gadagançylygyny Pakistanyň “Talyban” hereketiniň mekdebe hüjüm edip, 150 adamy öldürmeginiň yzýany, geçen ýylyň 17-nji dekabrynda ýatyrdy.