Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Üç aktiwist azatlyga goýberildi


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Nowruz baýramçylygy mynasybetli 100-den gowrak tussagyň, şol sanda hökümetiň garşydaşlary we hukuk goraýjy aktiwistler diýlip tanalýan üç syýasy tussagyň günasini geçdi.

18-nji martda Aliýewiň gol goýan kararyna laýyklykda, azatlyga goýberilen tussaglaryň arasynda tanymal blogger Orhan Eýýubzade, saýlawlara gözegçilik edýän döwlete degişli bolmadyk guramanyň lideri Başir Süleýmanly we aktiwist Anar Kasimli bar.

Eýýubzade geçen ýylyň maý aýynda Bakuwda rugsatsyz geçirilen ýörişe gatnaşmakda tussag edilip, polisiýa garşy çykmakda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Süleýmanly salgyt galplyklary we onuň bilen ilteşikli jenaýatlarda aýyplanyp, 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol özüne garşy ýöňkelen aýyplamalary ret edýär.

Kasimli mekdeplerde hyjabyň gadagan edilmegine garşy protest geçireni üçin mundan birnäçe ýyl öň tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG