Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban: ABŞ-nyň karary parahatçylyga täsir ýetirer


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama. 24-nji mart, 2015 ý.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama. 24-nji mart, 2015 ý.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky goşunyny kemeltmegi soňa goýmak baradaky karary ýurtda parahatçylygy gazanmak dogrusyndaky mümkinçiliklere ýaramaz täsir ýetirer diýdi.

24-nji martda Ak tamda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen geçiren duşuşygynda Barak Obama, Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystanda 5 500 harbynyň deregine 9 800 harbysyny saklap galar diýdi. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň, Owganystan babatda 2016-njy ýyl boýunça planlary barada şu ýyl bir netijä geljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

25-nji martda “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid Obamanyň bu çykyşy “parahatçylyk perspektiwalaryň ählisine zyýan ýetirýär” diýdi.

“Talyban” hereketi owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamady, emma soňky maglumatlar iki tarapyň hem gepleşikleri geçirmäge tarap golaýlaşýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG