Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ýemendäki hüjümleri ýazgardy


Sanaa şäheriniň ýaşaýjylary aeroportuň golaýynda amala aşyrylan howa zarbalaryndan galan galyndylara seredýärler.
Sanaa şäheriniň ýaşaýjylary aeroportuň golaýynda amala aşyrylan howa zarbalaryndan galan galyndylara seredýärler.

Eýran regiondaky bäsdeşi Saud Arabystanyny Ýemendäki şaýy Huti pitneçilerine garşy howa zarbalaryny başladany üçin ýazgardy we muny Arap ýarymadasyndaky ýurtda dartgynlylygy sarsdyryp biljek “howply ädim” diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi 26-njy martda beren maglumatynda, harby hereketler Ýemendäki “ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrýar” we “parahatçylyk rezolýusiýalary üçin mümkinçilikleri aradan aýyrýar” diýilýär.

Saudy Arabystanynyň resmileri we metbugat serişdeleri şol güni ir bilen beren maglumatynda, sünnileriň ýolbaşçylygyndaky şalygyň we onuň ýaranlarynyň Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansour Hadiniň “kanuny hökümetini goramak” üçin Hutilere garşy howa zarbalaryny başladandygyny mälim etdiler.

Ýemeniň paýtagty Sanaada uly partlamalaryň bolandygy aýdylýar.

Saud Arabystanynyň metbugat serişdeleri gürrüňi gidýän şalygyň Ýemende 100 sany uruş uçaryny, 150 müň esgeri we deňiz güýçlerini ýerleşdirendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG