Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan rus resmilerinden kömek sorady


Täjigistanyň resmileri Ýemendäki 100 çemesi täjik medisina işgäriniň ýurtdan ewakuasiýa edilmegi üçin rus häkimiýetlerinden kömek sorandyklaryny habar berýärler. Bu waka Ýemende Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa zarbalaryny başladan mahalyna gabat geldi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň 27-nji martda beren maglumatyna görä, Katardaky täjik ilçihanasy “rus resmileriniň we kompaniýalarynyň kömegi bilen Ýemendäki täjik raýatlaryny – öýlerine dolanmazdan öň – has howpsuz territoriýalara geçirmäge synanyşýarlar”.

Şeýle-de, ministrligiň maglumatynda, Ýemendäki täjik doktorlarynyň we şepagat uýalarynyň aglabasynyň rus kompaniýalary bilen baglaşan şertnamalary esasynda işleýändigi mälim edilýär.

Ýemende şaýy pitneçileriniň paýtagt Sanaanyň we käbir beýleki territoriýalaryň kontrollygyny ele salmagy netijesinde arap ýarymadasyndaky ýurtda bulam-bujarlyklar başlan mahaly, Täjigistan öz raýatlarynyň ýurdy terk etmegi üçin yzygiderli çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG