Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan, Hytaý şertnama baglaşdy


Gazagystanyň premýer-ministri Hytaýa sapary mahalynda $23.6 milliard bahasy bolan şertnama gol çekdi.

Bu şertnamalara 27-nji martda, Karim Masimowyň hytaýly kärdeşi Li Kekiaň bilen duşuşygy mahalynda gol çekildi.

Bu ylalaşyklar polat, reňkli metal, aýna, nebiti gaýtadan işlemek, elektrik we awtomobil önümçiligi ýaly ugurlary öz içine alýar.

Premýer-ministr Masimow Hytaýyň prezidenti, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegi wada beren Si Jinpiň bilen hem duşuşdy.

XS
SM
MD
LG