Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germanwings: pilot hassa eken


Ýolagçy uçaryny bilkastdan Fransiýadaky Alp daglaryna urduryp, onuň üstündäki 150 adamyň ählisi öldürmekde güman edilýän egindeş pilot geçen ýyl öz söýgülisine özüniň ruhy bejergi alýandygyny aýdypdyr.

Germaniýanyň «Bild» gazetiniň 28-nji martdaky sanynda aýdylmagyna görä, Andreas Lýubitz ozalky söýgülisine «Bir gün men tutuş sistemany üýtgetjek bir iş ederin we şondan soň hemmeler meniň adymy biler we ýatda saklar» diýipdir.

«Bild» gazeti Lýubitziň ozalky söýgülisiniň adyny "Mary W." diýip görkezýär.

German häkimiýetleri pilotyň mynçgalanan hassalyk ýazgylaryny tapandyklaryny we uçar sürmäge rugsat edilmezlige sebäp bolup biljek hassalykdan ejir çekendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG