Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hüjümde azyndan 17 adam öldi


Owganystanyň Host welaýatynda bomb partlamasynyň bolan ýeri. 2-nji aprel, 2015 ý.
Owganystanyň Host welaýatynda bomb partlamasynyň bolan ýeri. 2-nji aprel, 2015 ý.

Owganystanyň resmileri ýurduň gündogarynda janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjüminde azyndan 17 adamyň öldürilendigini we başga-da 40-dan gowragynyň, şol sanda owgan parlamentiniň tanymal agzasynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Janyndan geçen hüjümçi Host welaýatynyň paýtagtynda welaýatyň häzirki häkimine garşy demonstrasiýalar geçirilýän döwri partladyjy serişdeleri partlatdy diýip, owgan resmileri habar berýär.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi wakada 17 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Metbugat habarlarynyň häkimiň orunbasaryna salgylanyp berýän maglumatynda, janyndan geçen bombaçynyň köpçüligiň içinde özüni partladandygy habar berilýär.

Bu wakada ýaralananlaryň arasynda Owganystanyň parlamentiniň goranmak komitetiniň başlygy Humaýoun Humaýoun hem bar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG