Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Şübheli separatist ele salyndy


Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy ýurduň gündogaryndaky Russiýa tarapdar separatistleriň hatarynda hakyna tutulyp söweşýändigi aýdylýan şübheliniň tussag edilendigini habar berýär.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň 2-nji aprelde beren maglumatyna görä, 26 ýaşly harkiwli ýaşaýjy Russiýanyň Rostow regionyndan gündogar Ukrainadaky şähere dolanandan soň tussag edilipdir.

Ukrain derňewçileri gürrüňi gidýän adamyň Harkiw welaýaty bilen serhetleşýän Donetsk welaýatyndaky separatistleriň hatarynda söweşmek üçin pul alandygyna ynanýarlar.

Olaryň aýmagyna görä, deslapky derňewler onuň geçen ýyl ýaralanyp, Rostow regionynda saglyk bejergisini görendiginiň üstüni açdy.

Gürrüňi gidýän şübheli Ukrainanyň territorial bitewüligine howp salmak aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger-de ol günäli tapylsa, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

XS
SM
MD
LG