Türkmenistanda pyýadalara “geçmesiz ýerden geçendigi” üçin 50 manat jerime töledilýändigi habar berilýär. Türkmenistanda “geçmesiz ýerden geçen” pyýadalara jerime salmak düzgüni mundan birnäçe wagt öň hem düzgüne girizilipdi.
Eýse, munuň gaýtadan ýola goýulmagyna näme sebäp boldy?
Azatlyk Radiosyndan Muhammaet Tahyr bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.