Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ýemen krizisini maslahatlaşýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 4-nji aprelde Ýemen krizisini maslahatlaşmak üçin duşuşýar.

Orsýet ýapyk gapylaryň aňrysynda duşuşyp, saudlylaryň baştutanlygynda bu ýurda urulýan howa zarbalaryna ynsanperwer pauza bermek baradaky teklibi ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerçilik meseleleri boýunça orunbasary Waleriýe Amos bu zorluklar netijesinde soňky iki hepdede 519 adamyň, şol sanda 90 çaganyň öldürilen bolmagynyň çaklanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol onlarça müň adamyň öýlerinden gaçandygyny aýtdy.

Saud Arabystany arap döwletleriniň öňüni çekip, Eýran bilen ýaranlykdaky huti söweşijilerine garşy kampaniýa geçirýär. Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansour Hadi geçen hepde huti hüjüminden howatyrlanyp, Adenden gaçdy.

Saudlylaryň baştutanlygynda, Hadiniň häkimiýetini dikeltmek üçin, dokuz gün bäri urulýan howa zarbalaryna garamazdan, söweşijiler ilerlemegi dowam etdirýär.

Şu aralykda täze howa zarbalary paýtagt Sanaanyň golaýynda 10 çemesi adamy öldürdi. Habar gulluklary ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 3-inden 4-ine geçilen gije koalisiýa uçarlarynyň huti lagerini nyşana alyp, oňa derek bir obany urandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG