Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende howa zarbalary dowam edýär


Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa uçarlary Ýemeniň paýtagty Sanaany 5-nji aprelde hem bombalady.

Eýran ýaranlygyndaky hutilere garşy kampaniýa indi 11 gün dowam etdirilýär. Hutiler Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansour Hadini Adenden gaçmaga mejbur etdiler.

Roýter habar gullugy ýaşaýjylara salgylanyp, hutilere ygrarly goşun bazalarynyň ýerleşýän jaýlaryna zarba urlandygyny, emma Ýemeniň Saud Arabystany bilen serhetindäki ýerlere hem bomba düşendigini ýazýar.

Bu reýdler Orsýetiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde howa zarbalaryna ara berip, ynsanperwer kömeklerine, asuda adamlaryň ewakuasiýasyna mümkinçilik döredilmegine çagyran gününiň yz ýanyna gabat geldi.

Saud Arabystany bu kampaniýany Hadi ornuna dikeldilýänçä dowam etjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG