Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina: Alty esger wepat boldy


Sçastýe şäheri, Ukrainanyň Luhansk regiony

Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän konfliktde 5-nji aprelde dürli ýagdaýlarda alty esger wepat boldy.

Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, separatistleriň elindäki Donetsk şäherinden 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän we hökümetiň gözegçiligindäki Sçastýe şäherçesinde köprüden geçip barýan ulaga zarba urlupdyr.

Ministrlik bu hüjümde orsýetçi separatistleri aýyplady, emma bu maglumat garaşsyz çeşmelerden tassyklanmady. Maglumatda söweşijileriň tanklara garşy raketalary ulanandygy aýdyldy.

Öz-özüni ykrar eden Luhansk halk respublikasynyň informasion merkezi öz güýçleriniň bu waka gatnaşygyny ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG