Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras 8-nji aprelde Moskwa edýän saparynyň dowamynda prezident Wladimir Putin bilen duşuşar.
Gresiýanyň lideriniň Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy sanksiýalaryny berk tankyt etmegi, şeýle-de ýurduň agyr ykdysady kynçylyklary bilen baglylykda bu sapara üns bilen syn edilýär.
Tsiprasyň Orsýete sapary Gresiýanyň maliýe ýetmezçiligini başdan geçirip, halkara karz berijiler bilen gepleşik geçirýän wagtyna gabat gelýär.
Tsipras Orsýetiň TASS agentligi bilen söhbetdeşliginde Günbataryň Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy bilen baglylykda girizen sanksiýalaryny “hiç ýere eltmeýän ýol” diýip häsiýetlendirdi.
“Kommersant” neşriniň Orsýetiň hökümetdäki çeşmesine salgylanyp habar bermegine görä, Moskwa Gresiýa gaz üpjünçiligine degişli ýeňillikleri we täze karzy teklip edip biler.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!