Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Ylalaşyk güýje giren güni sanksiýalar aýrylmaly


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähran, ýurduň ýadro programmasyny jylawlaýan soňky ylalaşyk durmuşa geçirilen güni, halkara sanksiýalaryň aýrylmagyny isleýär diýdi.

“Ylalaşygyň durmuşa geçýän ilkinji gününden başlap ykdysady sanksiýalar hem doly aýrylmasa, onda biz hiç bir ylalaşyga gol goýmarys” diýip, Rohani 9-njy aprelde Eýranda “Milli ýadro tehnologiýa güni” mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

Şeýle-de, ol Eýran bilen dünýäniň alty kuwwatly döwletiniň, ýagny Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň arasynda geçirilýän gepleşiklere salgylanyp, Tähran “ýadro gepleşiklerine gatnaşýan ähli taraplar üçin utuşly ylalaşygyň baglaşylmagyny” isleýär diýdi.

2-nji aprelde Eýran we dünýäniň iri alty döwleti 30-njy iýuna çenli taýýar edilmeli ýadro ylalaşygynyň “möhüm parametrleri” dogrusynda ylalaşandyklaryny aýan etdiler.

XS
SM
MD
LG