Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“YD” nebit ýatagynyň kontrollygyny ýitirdi


“Yslam döwleti” atly toparyň Yrakdaky azyndan üç uly nebit ýatagynyň kontrollygyny ýitirmegi, sünni ekstremist topary möhüm girdeji çeşmesinden mahrum edýär.

Germaniýanyň gündelik neşiri “Sueddeutsche Zeitung”-yň 9-njy aprelde çap eden maglumatynda soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Yragyň harby güýçleri tarapyndan edilýän giň gerimli hüjümler Bagdadyň, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň kontrollygyndaky dört uly nebit ýatagyndan üçüsiniň gözegçiligini gaýtadan ele salmagyna alyp bardy diýilýär.

Gürrüňi gidýän maglumatda bellenilmegine görä, Yrak güýçleri tarapyndan edilen hüjümleriň öňýanynda, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Himrin we Ajil nebit ýataklarynyň kontrollygyny ýitiripdirler.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň demirgazygyndaky Kaýara nebit ýatagynyň kontrollygyny heniz hem öz gözegçiliginde saklaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG