Eýranyň resmisi Tähran, Russiýanyň “S-300” kysymly raketa ulgamyny şu ýylyň dowamynda Eýrana satjakdygyna ynanýar diýdi. Emma şol bir wagtyň özünde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bu çäräniň alty aýa çenli çekip biljekdigini aýtdy.
Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň orunbasary Ali Şamhani bu barada, Putin Moskwanyň Eýrana “S-300” kysymly raketa ulgamyny satmagy gadagan edýän karary ýatyrýan resminama gol goýandan bir gün soň, ýagny 14-nji aprelde Moskwada çykyş etdi. Putiniň gürrüňi gidýän karara gol goýmagy Birleşen Ştatlar we Ysraýyl tarapyndan tankyt edildi.
“Men olaryň [raketa ulgamynyň] şu ýyl Eýrana getiriljekdigine ynanýaryn” diýip, Şamhani “S-300” kysymly raketa ulgamy barada eden çykyşynda belledi.
Şol bir wagtyň özünde Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew öndürijileriň raketa ulgamlaryny satuwa taýýarlamagy “bir az wagt alar” diýdi.