Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praga: Rus raýatyna 30 aý berildi


Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada sud, özünde bombanyň bardygyny öňe sürüp, ýolagçy uçaryny adatdan daşary ýagdaýda ýere gonmaga mejbur eden rus raýatyny 30 aý türme tussaglygyna höküm etdi.

Öz familiýasyny Rotşteýne çalyşan Ýewgeniý Dogaýew 13-nji aprelde höküm edildi.

2006-njy ýylda Rotşteýn Moskwadan Ženewa sapar edýän “Aeroflot Airbus A320” kysymly uçaryň uçar kabinasyna girmäge synanyşypdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, serhoş ýaly bolup görünýän adam uçaryň ugruny üýtgedip, Kair şäherine tarap uçmagyny talap edipdir. Soňra bu adam ekipaž agzalary tarapyndan köşeşdirilip, uçar Pragada ýere gonmaga mejbur bolupdyr.

Wakanyň bolan pursady uçarda partladyjy serişdeleri tapylmady.

Özüniň günäsizdigini aýdýan 40 ýaşly Rotşteýn suduň çykaran kararyny heniz hem şikaýat edip biler.

XS
SM
MD
LG