Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň 14-nji aprelde Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen duşuşan mahaly, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşmek üçin has köp harby ýardam soramagyna garaşylýar.
Abadi geçen ýylyň sentýabr aýynda wezipe başyna geçeni bäri Ak tama edýän ilkinji saparynyň öňýanynda eden çykyşynda bu saparyň esasy maksadynyň, ýurtda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy Birleşen Ştatlaryň liderliginde alnyp barylýan howa kampaniýasynyň “degerli derejede artdyrylmagyny” we Yragyň “ýaraglar bilen üpjün edilmegini” gazanmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Onuň bu saparynyň dowamynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşmek üçin Birleşen Ştatlardan has köp ýarag, şol sanda bahasy milliardlarça amerikan dollaryna barabar bolan pilotsyz uçarlary soramagyna garaşylýar.
Abadiniň bu sapary Pentagon, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň yza serpikdirilip başlanandygyny mälim etmeginden bir gün soň amala aşyrylýar.