Russiýanyň günortasyndaky Sibir regionynda bolan ýangynda ölenleriň sany 23-e ýetensoň, 14-nji aprelde Hakasiýa regionynda bir günlük ýas yglan edildi.
Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýangyn sebäpli onlarça şäherçede we obada 900-den gowrak adam heläk bolupdyr. Bu sebitde guran ýapraklaryň ýanmagy netijesinde dörän ýangyn güýçli ýel sebäpli çaltlyk bilen daş-töwerege ýaýrady.
Hakasiýadaky ýangynyň netijesinde 1 500 çemesi jaý ýanyp, azyndan 5 müň adam öýsüz galdy.
Tokaý ýangyny sebäpli ewakuasiýa çäreleriniň geçirilendigi we ýitgi-zyýanlaryň bolandygy barada maglumatlar Sibiriň beýleki regionlaryndan hem gelip gowşudy. Olaryň arasynda Altaý, Tywa, Zabaýkale, Krasnoýarsk we Irkutsk ýaly regionlar bar.