Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul türkmenleriniň syýasy tejribeleri


Türkmenler
Türkmenler

Mälim bolşy ýaly, Türkiýede 7-nji iýunda ähliumumy saýlawlaryň geçirilmegi üçin taýýarlyklar görülýär. Bu çärä Stambulda ýaşaýan asly Türkmenistandan Owganystana, soňam Pakistanyň üsti bilen Türkiýä göçen türkmenlerem ykjam taýýarlanýarlar.

Eýsem, Stambuldaky türkmenleriň şu güne çenli gazanan sýyasy üstünlikleri nämelerden ybarat, olar şol sepgitlere ýetmek üçin nähili tejribeleri başdan geçirdiler, we mundan beýläk, nähili maksatlary göz öňünde tutýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda Stambul türkmenleriniň arasynda olaryň syýasy hem jemgyýetçilik tejribeleri barada söhbetdeşlikler geçirmegi göz öňünde tutýar.

Bu temada gepleşige gatnaşmak isleýänler ýa-da soragy, belligi, teklibi bolanlar hat@azatradio.org elektronik hat salgysyndan aragatnaşyga geçip bilerler. Teswir galdyrmak isleýänlere bolsa aşakdaky forumda garaşýarys.

XS
SM
MD
LG