Ak Tamyň maglumatyna görä, prezident Barak Obama Kubany ABŞ-nyň terrorizmi goldaýan ýurtlardan düzülen sanawyndan aýyrdy.
14-nji aprelde Kongressde eden çykyşynda Obama Kubanyň kommunist hökümetiniň soňky alty aýyň dowamynda “halkara terrorçylaryna hiç hili ýardam bermändigini” belledi.
Şeýle-de ol Hawana özüniň "geljekde-de halkara terrorim hereketlerini goldamajagyny" wada berdi diýdi.
Kubanyň daşary işler ministri Obamanyň kararyny “adalatly” diýip atlandyrdy.
ABŞ-nyň bu karary Obamanyň Kubanyň prezidenti Raul Kastro bilen Panamadaky regional sammitde iki ýurduň arasynda 50 ýylyň dowamynda geçirilen iň ýokary derejeli duşuşygynyň yzýany yglan edildi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sanawyna Eýran, Sudan we Siriýa girýär.