Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Sud binasynyň daşynda protest geçirildi


Ukrainada onlarça protestçi wezipeden çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýeti döwründäki korrupsiýa bilen ilteşigi bolan häzirki hökümet işgärleriniň wezipeden çetleşdirilmegine gönükdirilen kanuna öz goldawyny beýan etmek üçin Ukrainanyň Konstitusion sudunyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.

Şol bir wagtyň özünde lýustrasiýa kanunyna garşylyk görkezýän onlarça protestçi 16-njy aprelde sud binasynyň daşynda ýygnanyp, kanuny “resmileriň bikanun wezipeden çetleşdirilmegi” diýip atlandyryp, protest geçirdi.

Ukrainanyň Konstitusion sudunyň lýustrasiýa kanuny boýunça sud diňlenşiklerine 16-njy aprelde başlamagyna garaşylýar.

Lýustrasiýa kanuny, ýagny wezipeden çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýeti döwründäki korrupsiýa bilen ilteşigi bolan häzirki hökümet işgärleriniň wezipeden çetleşdirilmegine gönükdirilen kanun geçen ýylyň sentýabr aýynda ukrain kanunçykaryjylary tarapyndan kabul edilipdi.

XS
SM
MD
LG