Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti saudlylary tankytlaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Saud Arabystanyny Siriýadaky, Liwandaky we Yrakdaky terrorçylary maliýe we ýarag bilen üpjün etmekde aýyplap çykyş etdi.

Rohani 18-nji aprelde sözlän sözünde saudlylaryň ýolbaşçylygynda Ýemendäki huti pitneçilerine garşy urulýan howa zarbalaryny ýazgardy.

Biraz öň Eýranyň ruhany lideri Ali Hameneýi ol howa zarbalaryny «gyrgynçylyga» we «uly jenaýatçylyga» barabar hasaplady.

"Siz bu regiona ýigrenç tohumyny sepdiňiz we iru-giç onuň jogabyny alarsyňyz» diýip, Rohani Saud patyşa maşgalasyny nazara alyp aýtdy.

Saud Arabystany Eýrany hutileri ýaraglandyrmakda aýyplady, emma Tähran muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG