Häkimiýetler gündogar Ukrainada 18-nji aprelde maska geýen adamlaryň öňki sowet lideri Leniniň heýkelleriniň birnäçesini ýykandyklaryny aýdýarlar.
Hökümet kontrolyndaky Harkiwde 17-nji aprel güni giçlik uniwerstitlerdäki Lenin heýkelleriniň ikisi ýykyldy we olaryň ýykylyşyny görkezýän wideolar YouTube-de ýerleşdirildi.
Bu waka ukrain parlamentiniň sowet simwollaryny gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklamagyndan bir hepde soň bolýar.
Bu kanun taslamasy nasistik simwollary hem gadagan edýär, emma oňa heniz prezident Petro Poroşenko gol çekenok.