Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Gresiýa ylalaşygyny ret edýär


Orsýet Gresiýa bilen gaz geçirijisi ylalaşygyny baglaşmaga golaý gelendigi baradaky habarlary ret etdi.

Germaniýanyň “Der Spiýegel» neşiri bu habary Gresiýanyň dolandyryjy Siriza partiýasynyň ady aýdylmadyk uly resmisine salgylanyp ýaýratdy.

Ol resmi bu ylalaşygyň Gresiýanyň döwlet gaznasyna 5 milliard ýewro çenli pul getirip biljegini we oňa 21-nji aprelde gol çekilmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Emma Kreml beýle ylalaşygyň ýokdugyny aýdyp, bu habary ret etdi.

XS
SM
MD
LG