Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Partlamada üç adam öldi


Owganystanyň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky polisiýa merkeziniň golaýynda bolan partlamada üç adamyň ölendigini we başga-da 17 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Gandahar welaýat häkiminiň metbugat wekili Samim Hpalwakyň aýtmagyna görä, partlama 21-nji aprelde Gandahar şäherinde boldy.

Başlangyçda owgan resmileri partlama bombaly ulagyň sebäp bolandygyny aýtdylar. Emma soňra olar waka nämäniň sebäp bolandygy barada takyk bir zat aýdyp bilmeýändiklerini bellediler.

Gadahar regional keselhanasynyň başlygy Kaýýum Pohlanyň sözlerine görä, partlamada üç adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri we bir zenan heläk boldy. Şeýle-de, ol wakanyň netijesinde başga-da 17 adamyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG