Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana duýduryş berdi


Saud Arabystanynyň esgeri Huti gozgalaňçylaryna garşy minomýot hüjümini amala aşyrýar.
Saud Arabystanynyň esgeri Huti gozgalaňçylaryna garşy minomýot hüjümini amala aşyrýar.

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Eýranyň Ýemene ýarag ugratmazlygy üçin duýduryş berendigini mälim etdi. Obama ýaraglar ugradylan halatynda, olaryň regiondaky gämi gatnawyny durnuksyzlaşdyrmak üçin peýdalanmagynyň mümkindigini hem duýdurdy.

“Biz hakykatda olara öz pikirlerimizi örän aç-açan beýan etdik” diýip, Obama 21-nji aprelde “MSNBC” telekanalyna beren interwýusynda belledi.

Obamanyň bu çykyşy, Eýranyň gämileriniň Ýemendäki şaýy pitneçilerini ýarag bilen üpjün etmek üçin ýola çykandygy barada maglumatlar peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Bu aralykda, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa, Ýemende şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky pitneçilere garşy alyp baran dört hepdelik hüjümleriniň dowamynda harby maksatlaryna ýetendigini aýdyp, operasiýalaryň tamamlanandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG